Gözlegleriň gerimi giňelýär

Gözlegleriň gerimi giňelýär

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Olar «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapdy. Maksatnamada bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Lebap geofizika ekspedisiýasynyň agzybir işgärleriniň hem netijeli gatnaşýandyklaryna alnyp barylýan giň gerimli işler aýdyň şaýatlyk edýär.

— Baýlyk agtaryjylarymyz bolup, nebitgaza uly geljegi bolan meýdanlarda geologiki esasda gurluşlary öwrenmek, uglewodorod serişdeleriniň bolup biläýjek gurluşlaryny gözlemek we tapmak, şeýle hem olary çuň burawlaýşa taýýarlamak maksady bilen, seýsmiki gözlegleri alyp barýarys. Ýurdumyzyň dürli sebitlerini öz içine alyp geçirilýän maksatlaýyn işleriň netijesinde gymmatly baýlyklarymyzyň bol gorlarynyň üsti açylýar, täze-täze meýdançalar senagat taýdan özleşdirilýär. Şeýle möhüm işe saldamly goşandymyzy goşýandygymyza buýsanýarys — diýip, ekspedisiýanyň baş geology Nurjemal Jumakulyýewa gürrüň berýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl