Şahamçanyň durky täzelenýär

Şahamçanyň durky täzelenýär

Ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan ösüşi çaltlandyrmagyň daýanjy bolan ýol-ulag düzümi ileri tutulyp ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz bu meseläni mydama üns merkezinde saklamak bilen, möhüm wezipeleri öňde goýýar. Olara laýyklykda ýerlerde anyk we netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň şeýledigine Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň Zerger şahamçasynda alnyp barylýan tutumly işleriň mysalynda hem doly göz ýetirmek bolýar. Şahamçada zerur binalary, ýangyç we çalgy ýaglary saklanylýan dik çanlary gurmak, ozaldan bar bolan jaýlaryň we desgalaryň durkuny täzelemek bilen bagly işlere badalga berildi. Bu möhüm buýurmany «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Lebap welaýat bölüminiň gurluşykçylary ýerine ýetirýärler.

Ýeri gelende ýokarda ady agzalan gurluşyk guramasynyň işgärleriniň ýurdumyzyň gündogar welaýatynda şeýle işleri alyp barmakda uly iş tejribesini toplandyklaryny, berjaý edilýän işleriň ýokary hil derejesini üpjün edýändiklerini bellemek ýakymlydyr. Olar tarapyndan soňky ýyllarda awtoulaglara ýangyç guýýan döwrebap beketleriň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Hut geçen ýylda hem Çärjew etrabynyň çäginde döwrebap beket işe girizildi. Ol Mary — Türkmenabat — Farap gara ýoly arkaly gatnaýan sürüjiler üçin goşmaça amatlyklary döretdi. Bu bekediň hyzmatyndan ýurdumyzyň çäginden daşary ýurtlara üstaşyr ýük daşaýan sürüjiler hem peýdalanýarlar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl