Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolup, onuň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge uly möçberde maliýe serişdeleri goýberilýär. Mysal üçin, şu ýylyň dört aýynda ýangyç-energetika toplumynda özleşdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi 3,735 milliard manatdan geçip, geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 1,3 milliard manat köp boldy. 2016-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli aralykda nebitgaz senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine 40 milliard manada golaý serişde goýberildi.
Maýa goýumlary, ilkinji nobatda, nebitgaz kärhanalarynyň tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrylmagyna — enjamlaryň, serişdeleriň, ýöriteleşdirilen tehnikanyň satyn alynmagyna gönükdirilýär. Munuň özi geologiýa-gözleg we buraw işleriniň gerimini giňeltmäge, nebitgazly meýdanlaryň senagat taýdan özleşdirilmegini çaltlandyrmaga mümkinçilik döretdi. Täze döwrebap kärhanalary, dürli önümçilik desgalaryny gurmak boýunça birnäçe taslama üstünlikli amala aşyryldy. Gyýanlydaky polimer zawody hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod munuň aýdyň mysallary bolup durýar. Dowamly işlenip taýýarlanylýan ýataklary ulanmagyň netijeliligini artdyrmaga uly üns berilýär.