«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň önümçilik düzümleriniň gazçylarynyň tebigy gazy çykarmakda gazanýan üstünliklerinde olara dürli ugurlar boýunça hyzmat ediş ulgamynyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe önümçiligine kämil tehnologiýalar, döwrebap enjamlar ornaşdyrylýan şol edara-kärhanalaryň zähmet toparlary müdirlik boýunça «mawy ýangyjyň» çykarylmagyna-da, sarp edijilere ugradylmagyna-da öz goşandyny goşýarlar.
«Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň zähmet adamlarynyň işleri hem şunuň bir mysalydyr. Sehiň «Zähmet» suw bekedi gazçylara hyzmat etmek boýunça işleriň döwrebap, sazlaşykly guralýan ýeridir.