Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 3-nji aprelinde üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlap sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda bitirilýän işleriň hasabatyny diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şundan ugur alýan konserniň önümçilik düzümlerinde şu günler has-da tutanýerli işler bitirilýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň gürrüňi edilýän hasabat döwründe konsern boýunça geçen ýylyň ýanwar-mart aýlary bilen deňeşdirilende, nebit çykarmakda 105,9 göterim, bu gymmatly çig maly tabşyrmakda bolsa 107,2 göterim ösüş depgini gazanyldy. Buraw işleri müdirlikleriniň toparlary bolsa bellenilen meýilnama goşmaça dag jynslarynyň 2 müň 620 metrini artyk gazyp, täze guýularyň 14-sini önümçilige tabşyrdylar. Şonuň 11-siniň ulanyş maksatly guýulardygyny aýratyn nygtamak gerek.
Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere çykarmakda we ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberini artdyrmakda konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri hem netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermegini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda trestiň düzümindäki müdirlikler boýunça şu ýylyň geçen üç aýynda bitirilen işler hem muňa doly şaýatlyk edýär. Tutuş trest boýunça şu ýylyň başyndan bäri guýularyň 107-si abatlanylyp, olaryň 92-si nebitgaz çykaryş müdirliklerine tabşyryldy. Şeýlelikde konsern boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň möçberi 21,5 müň tonna golaýlady. Bu görkeziji geçen üç aý üçin bellenilen meýilnamadan 4 müň 155 tonna barabar «gara altynyň» goşmaça alnandygyny aňladýar. Trest boýunça gazanylan bu zähmet üstünliginde «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň önümçilik toparlarynyň mynasyp paýy bar. Diňe bir «Goturdepe» guýulary düýpli abatlaýyş müdirligi boýunça şu ýylyň gürrüňi edilýän üç aýynda gaýtadan hatara goşulan guýularyň 44-sinden goşmaça alnan nebit çig malynyň möçberi 13 müň tonna ýetirildi. Munuň özi gürrüňi edilýän döwürde tutuş «Nebitgazçykaryş» tresti boýunça goşmaça alnan «gara altynyň» deň ýaryndan hem ep-esli köpdür.