Gadamlary ýeňşe sary

Gadamlary ýeňşe sary

Şanly senelere baý üstümizdäki ýyly zähmet üstünliklerine beslemek, ýurdumyzyň ähli babatda ösüşlerine mynasyp goşant goşmak önümçilik kärhanalarynyň işgärleriniň baş maksadydyr. Ata Watanymyzyň rowaç menzillerine dahylly bolmak üçin her bir iş ornunda zähmet gaýnap joşýar. Iş günlerini zähmet ýeňişlerine besleýänleriň hatarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ruhubelent we belent maksatlara gulluk edýän dürli kesp-kärli, başarjaň hünärmenleri hem bar.

— Biz hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemegi ýüregimizde besleýäris. Öndürýän önümlerimiziň ilatyň abadan ýaşaýşyna we ýurtlaryň ösüşine hyzmat edýändigine bolsa buýsanýarys. Sebäbi gymmatly harytlyk önümlerimiziň aglaba bölegi eksporta ugradylýar. Maksatly menzillere tarap ädilýän ynamly ädimler bizi belent sepgitlere ýetirýär — diýip, kärhananyň baş ykdysatçysy Reýimguly Orazow bize ýylyň birinji çärýeginiň önümçilik görkezijileri hakynda uly höwes bilen gürrüň berýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl