Möhüm işler tamamlaýjy tapgyrda

Möhüm işler 
tamamlaýjy tapgyrda

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Malaý gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň gurluşygynda tehnologik ulgamlaryň goýberiş-sazlaýyş işlerine girişildi. Munuň özi ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kubmetre barabar bolan iri senagat desgasynyň işe giriziljek döwrüniň indi onçakly uzakda däldiginden habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmek maksady bilen çuňňur oýlanyşykly çözgütleri kabul edýär. Şolara laýyklykda gymmatly önümleriň öndürilişini artdyrmaga ýardam berjek kuwwatly desgalaryň gurluşygyna döwletimiziň uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Olaryň hatarynda ýokarda ady agzalan iri desga hem bar. Bu iri taslama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýyldaky Kararyna laýyklykda buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen desganyň gurluşygynyň baş potratçysy bolan «Petro Gaz LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda gurluşygyň rejesine laýyklykda durmuşa geçirilýär. Taslamany amala aşyrmak üçin desganyň gurluşygyna 672,6 million manatdan gowrak serişde goýberildi we buýrujy bilen baş potratçynyň arasynda baglaşylan degişli şertnama şol ýylda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda resmileşdirildi.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl