Jogapkärli işiň ussatlary

Jogapkärli işiň 
ussatlary

Ýerasty baýlyklary gözläp tapmakda we olary senagat taýdan özleşdirmekde ýurdumyzyň iň iri önümçilik-hojalyk düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş müdirligine hem aýratyn orun degişlidir. Bu ýerde amala aşyrylýan işler guýulardan çykarylýan ýangyç çig mallarynyň möçberini durnukly artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Aslynda hem nebitgaz pudagynda täze meýdançalary gözläp tapmakda, olary senagat taýdan özleşdirmekde, burawlaýyşda we hereket edýän guýulary abatlamakda häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil kompýuter ulgamlary, ýokary tehnologiýalar, has takyk barlag-ölçeg gurallary, awtomatlaşdyrylan enjamlar netijeli ulanylýar. Önümçilik hyzmatlaryny şeýle köp görnüşde alyp barýan başga bir kärhana konserniň düzüminde juda azdyr. Müdirlikde elektrik desgalaryny, enjamlaryny oturtmak, gurnamak, howa ulgamlaryny çekmek we abatlamak, dürli kuwwatlykdaky hereketlendirijileri, transformatorlary oturdyp sazlamak hem-de bejermek işleri ýokary hilli we ygtybarly amala aşyrylýar. Kärhanada işleýän 530-dan gowrak dürli kärdäki hünärmenleriň 230-sy gelin-gyzlardyr. Olar kämil kompýuter ulgamlaryny, awtomatik enjamlary, hasaplaýyş-köpeldiş tehnikalaryny, energetika serişdelerini gurnamagy, sazlamagy we olara bellenilen möhletde tehniki hyzmatlary takyk ýola goýmagy ussatlarça başarýarlar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl