«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gazçylary Mary welaýatynyň obalarynda, şäherlerinde täze ýokary, orta basyşly gaz geçirijileri gurmak, ozaldan hereket edýän gaz geçirijileriň durkuny täzeläp, geçirijiligini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýarlar. Kärhananyň zähmet adamlary gaz ulgamyna degişli beýleki edara-kärhanalaryň işgärleri bilen birlikde welaýatyň ilatynyň döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretleriň biri bolan tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegine özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň sahawaty bilen Mary welaýatynda-da ýaş maşgalalaryň müňlerçesine täze mellek ýerleri bölünip berildi. Şeýlelikde, welaýatyň obalarynda hem-de şäherlerinde täze ilatly ýerler emele geldi.