Hormatly
Prezidentimiziň daşary döwletlerden tapgyrlaýyn
satyn alyp berýän döwrebap ulaglarynyň hasabyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň
Ulaglar müdirliginiň tehniki binýady yzygiderli täzelenilýär. Dürli kysymly ýük
hem-de ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ýokary iş öndürijilikli, kuwwatly
traktorlaryň uly toplumyny özüne birleşdirmegi kärhananyň hünärmenlerine,
sürüjilerine işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna
laýyk, täzeçe guramaklyga ýardam berýär.
Geçen ýyl kärhana boýunça 315-400 tonna barabar ýük daşalyp, bellenilen meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Kärhanada esasy önümçilik boýunça 47 million 400 müň manatlyga barabar işler ýerine ýetirildi.