Balkan welaýatynyň çägindäki Uzynada meýdançasynda burawlanan 8-nji gözleg guýusyndan 7 müň metre golaý çuňluga aralaşylyp, tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu möhüm işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk agtaryjylary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýle jogapkärli sargydy buraw desgasynyň başlygy Halmyrat Rozyýewiň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar toparynyň agzalary abraý bilen berjaý etdiler.
Biz Halmyrat Rozyýew bilen indi birnäçe ýyllardan bäri wagtal-wagtal habarlaşyp durýarys. Ol her sapar özleriniň ýurdumyzyň baýlyk gorlarynyň üstüni ýetirmek ugrunda alyp barýan netijeli işleri, gazanýan üstünlikleri barada höwes bilen habar berýär. Şonda onuň ýerine ýetirýän işlerinden uly ruhy kanagatlanma alýandygyna, saýlap alan kärini söýýändigine we oňa ähli ukyp-başarnygyny bagyş edýändigine göz ýetirmek kyn däl. Ilimiz-ýurdumyz üçin bähbitli iş bitirip bilseň, adyň dilde, ornuň törde. Halmyrat hem şeýle abraý eýeleriniň biri. Ol indi 30 ýyla golaý wagt bäri bu edarada işläp gelýär. Onuň çekýän halal we ýokary netijeli zähmetine mynasyp baha-da berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda Halmyrat Rozyýew «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Ýeňil bolmadyk işde synagdan geçen, zähmetde taplanan bu işjanly, başarjaň adama Uzynada meýdançasyndaky çuň guýyny burawlamak ýaly jogapkärli wezipäniň ynanylmagy hem bu sözlerimiziň iş ýüzündäki özboluşly tassyknamasydyr.