Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda edýän maksatnamalaýyn çykyşlarynda, kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şonuň bilen birlikde-de, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmagy we çykarmagy, täze ýataklary özleşdirmegi, uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa ornaşdyrmagy, türkmen energiýa serişdelerini täze geçirijiler arkaly daşary ýurtlara ibermegi diwersifikasiýa ýoly bilen dowam etmegi baş wezipe hökmünde öňe sürýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň anyk ýollaryny görkezýär. Täze, geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary abadanlaşdyrmak, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini işjeňleşdirmek, döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak şol belent wezipeleriň hataryna girýär
Olaryň toplumlaýyn çözgüdini üpjün etmekde «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça bitirilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Nebiti, tebigy gazy we ugurdaş gazlary, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamagy, ýangyç çig mallaryny turbageçirijiler arkaly ibermegi, gaz gysyjy we sazlaýjy desgalary gurmagy, abadanlaşdyrmagy, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän kärhanalaryň onlarçasyny özünde jemleýän konsern boýunça «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň geçen ýanwar aýynda ýeriň jümmüşinden alnan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberi degişlilikde 318,2 müň tonna we 376 million kubmetre golaýlady. Bu görkezijileriň her biri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli köpdür. Eziz Diýarymyzyň iň bir gymmatly ýerasty baýlygy bolan «gara altynyň» çykarylyşyny artdyryp, ony gaýtadan işleýjilere turbageçirijiler hem-de deňiz ýollary arkaly ugratmakda konserniň «Nebitdagnebit», «Goturdepenebit», «Gumdagnebit», «Galkynyşnebit» ýaly nebitgaz çykaryş müdirlikleri uly işleri bitirmegi başardylar. Ýeri gelende aýtsak, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde hasabat döwründe hereket edýän guýulardan 110 müň tonna golaý nebit çig maly alyndy. Bu görkeziji tutuş konsern boýunça alnan «gara altynyň» üçden birinden hem ep-esli köpdür.