NAÝYPDAKY NETIJELI IŞLER

NAÝYPDAKY NETIJELI IŞLER

Türkmen topragynyň astynda bol gorlary bolan uglewodorod serişdeleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginde, ilatymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz bu uly baýlygy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä döwletlerinde abadançylygy, asuda ýaşaýşy berkarar etmegiň hyzmatynda goýýar. Öňe sürülýän giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde tebigy gazymyz sebitlerde parahatçylygy pugtalandyrmagyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň guralyna öwrüldi. Amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli taslamalaryň çäginde türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarylýan möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şeýle möhüm işe Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň Naýyp gaz ýatagyndaky desgalar toplumynyň başarjaň hünärmenleri ruhubelentlik we netijelilik bilen gatnaşýarlar.

Geçen ýylda toplumda esasy önüm bolan suwuklandyrylan gazyň 105 müň tonnadan gowragy öndürildi we onuň aglaba bölegi eksporta ugradyldy. Bu ýerde gaz kondensatyny öndürmekde hem gowy görkezijiler gazanylýar. Munuň şeýledigine geçen ýylda gaz kondensatynyň 47,6 müň tonnadan gowragynyň öndürilendigi aýdyň şaýatlyk edýär. Ýeri gelende bu gymmatly çig maldan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda dürli görnüşli, ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilýändigini we olaryň sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýändigini hem bellemek ýerlikli bolar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl