SUW DESGASYNYÒ HYZMATY

SUW DESGASYNYÒ HYZMATY

Gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ulanyş guýularyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmakda, çykarylýan gazy düzümindäki kükürtden arassalamakda, ony harytlyk görnüşine ýetirmekde bu ýerdäki baş desgalar bilen birlikde kömekçi ulgamyň kärhanalarynyň hem uly hyzmatynyň bardygyny aýtmak gerek. «Marygazakdyryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumy hem şeýle kärhanalaryň biridir.

Bu iri gaz ýatagynyň senagat taýdan özleşdirilip başlanmagy bilen baglanyşykly gurlan bu desgalar toplumy 2012-nji ýylda ulanylmaga berildi. Hytaý Halk Respublikasynyň CNPC kompaniýasynyň hünärmenleriniň ýerli hünärmenler bilen bilelikdäki çeken zähmetiniň miwesi bolan bu kärhana işe girizilen ilkinji gününden bäri hemişe gije-gündiz bökdençsiz işläp, sarp edijileri arassa suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edip gelýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl