TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ PUDAGY — YKDYSADY ÖSÜŞIŇ DAÝANJY

TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ 
PUDAGY — YKDYSADY ÖSÜŞIŇ DAÝANJY

Energiýa serişdeleri
ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde uly orna eýedir we Ýeriň jümmüşindäki üsti açylan, çaklanylýan baý nebit we gazyň gor serişdeler binýady onuň geljeginiň esasyny emele getirýär. Şonuň bilen baglylykda, bu baýlyklardan ýerlikli peýdalanmagy üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nebitgaz pudagy boýunça energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly daşarky bazarlara çykarylyşynyň we importy çalyşýan, gaýtadan işlenýän önümleriň geriminiň giňeldilmeginiň hasabyna senagatlaşdyrmak hem-de innowasiýalary ösdürmek başlangyjynyň durmuşa ornaşdyrylmagyna degişli meseleler öz beýanyny tapýar. «2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ykdysadyýetimizi ösdürmegiň sanly ulgamyna geçmek we ony dolandyrmak esaslandyrylýar. Konsepsiýanyň esasy maksady bolsa, nebit we gaz känleriniň geologik ýaýraýyş kanunalaýyklygyna esaslanyp, täze nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmakdan we barlag-agtaryşlaryny geçirmek arkaly özleşdirmäge girizmekden, nebiti, tebigy gazy we olar bilen ugurdaş çykýan peýdaly maddalary talabalaýyk möçberde gazyp almak we gaýtadan işlemekden, içerki hem-de daşarky bazarlary üpjün etmekden, energiýa tygşytlaýjy we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl