Häzirki zaman dünýäsiniň ösüşlerini ykdysadyýetiň nebitgaz toplumyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz bolsa bu gün dünýäniň ýangyç-energetika babatynda öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda tanalýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligi tarapyndan içerki bazary nebit önümleri we harytlyk ýaglar bilen ygtybarly üpjün etmekde göreldeli işler bitirilýär. Kärhana nebit önümlerini we harytlyk ýaglary sarp edijilere nebit bazalarynda lomaý, ulaglara ýangyç guýujy beketlerde bolsa bölekleýin ýetirmegi üpjün edýär. Baş müdirligiň Balkanabat nebit kärhanasynda hem, hemişe bolşy ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda-da döwrebap işler alnyp barylýar.
— Kämil enjamlardyr tilsimatlar bilen birkemsiz üpjün edilen kärhanamyzda her bir iş ornunda halal işlemek, müşderilere göreldeli hyzmat etmek esasy talapdyr. Kärhanamyzda we garamagymyzdaky beketlerde bar bolan dürli enjamlaryň hemişe saz hereket etmegi hem baş wezipämiz bolup durýar. Ýangyçlaryň, çalgy ýaglarynyň dürli görnüşlerini sarp edijilere ýetirenimizde daşky gurşawy goramagyň düzgünlerinden ugur alýarys. Bu talap awtoulaglara dürli tehniki hyzmatlary ýola goýýan ýörite sehlerimizde hem pugta berjaý edilýär — diýip, kärhananyň baş inženeri Farhat Tadjybaýew aýdýar.