Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine pagta süýümi, nah ýüplük, mata we nah ýüplük galyndylary ýerlenildi.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 27 million 363 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, matany, çüýşe gaplary satyn aldylar.
Aýratyn bellemeli zat, «Türkmengaz» döwlet konsernining öndürýän tehniki kükürdi senagatyň we gurluşygyň möhüm pudaklarynda ulanylýar. Bu önüm himiýa we gurluşyk senagatynda, oba hojalygynda we beýleki ugurlarda giňden peýdalanylýar. Tehniki kükürt kükürt kislotasyny, kükürtbetony, mineral dökünleri, polimer materiallaryny, sintetiki süýümleri we beýleki önümleri öndürmekde möhüm düzüm bölegi bolup hyzmat edýär.