Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Lebap welaýatynyň Amyderýanyň sag kenarynda alyp barýan üstünlikli işi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ýangyç-energetika ulgamyndaky strategik we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu ýerde «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň çäklerinde uly möçberli senagat-infrastruktura taslamalary durmuşa geçirilýär.
«B» bloguň günbatar böleginde alty käni toplumlaýyn abatlaşdyrmaklyk gaz pudagynyň kuwwatyny artdyrmakda möhüm ädim boldy. Olara Kiştuwan, Günbatar Kiştuwan, Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Gündogar Iljik we Iljik meýdançalary girýär. Umumy maýa goýum möçberi 280 million amerikan dollary bolan bu iri taslama 22 sany ulanyş guýusynyň gurulmagyny we ýylda 1,8 milliard kub metr tebigy gaz çykarmaga niýetlenen giň öndüriş ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
«B» bloguň günbatar böleginiň desgalarynda gurluşyk işleriniň barşynda tehnologik desgalar toplumy guruldy. Ol 22 sany ýekeleýin guýy stansiýasyny, Iljik, Gündogar Iljik we Kiştuwan käninde gaz ýygnaýjy stansiýalary, şeýle hem Gadyn käninde baş gaz ýygnaýjy stansiýany öz içine alýar.
Gadyn baş stansiýasynda suwy we gaz kondensatyny aýyrmak üçin gündelik 5,5 million kub metr gazyň deslapky taýýarlygyny üpjün etmäge ukyply häzirkaman ýokary tehnologiýaly enjamlar oturdyldy. Arassalanan çig mal täze 77 kilometrlik turba geçirijisi arkaly 1-nji gazy gaýtadan işleýiş zawodynyň bäşinji tehnologik çyzygyna, soňra bolsa 69 kilometr uzynlykdaky gaz geçirijisi bilen gysyjy kompressor stansiýasyna we mundan beýläk gaz ölçeýji stansiýa arkaly eksporta iberilýär.
Aýratyn 87 kilometrlik turba geçiriji bilen goşmaça aýrylyp çykýan kondensat soňraky gaýtadan işlemek we satmak üçin ýöriteleşdirilen durnuklaşdyryjy desga eltilýär. Esasy öndüriş desgalaryndan başga-da, taslama ýangyn we gaz halas ediş stansiýasyny, suw üpjünçilik stansiýasyny, häzirki zaman ýaşaýyş şäherçesini we zerur sosial-durmuş infrastruktura toplumyny öz içine alýar. Bu kuwwatlaryň ulanylmaga berilmegi 200-e golaý täze iş orunlaryny döretmäge ýol açyp, sebitiň ilatynyň iş bilen üpjünçiligine ähmiýetli goşant goşdy.
«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägini özleşdirmegiň taryhy 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga gol çekilen wagtyndan başlanýar. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda bolsa Türkmenistan – Hytaý halkara gaz geçirijisiniň we ilkinji gaz gaýtadan işleýiş zawodynyň taryhy işe girizilişi boldy.
Geçen ýyllaryň dowamynda taslama gönüden-göni maýa goýumlaryň möçberi 9 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Geologiýa-gözleg işleri 47 gazly gurluşy anyklamaga we tebigy gazyň 570 milliard kub metrden gowrak geologik gorunyň bardygyny tassyklamaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda meýdanda umumy öndürijiligi ýylda 14,5 milliard kub metr bazar gazy bolan iki sany kuwwatly gaz gaýtadan işleýiş zawody işleýär, taslama durmuşa geçirilen pursatyndan bäri umumy gaz çykarylyşy bolsa 133 milliard kub metrden geçdi.
Önümçilik wezipeleri bilen bir hatarda, işgärleri taýýarlamak we durmuş ösüş meseleleri yzygiderli çözülýär. Kompaniýanyň işgärleriniň düzüminde ýerli hünärmenleriň paýy 90%-den ýokary bolup, olaryň köpüsi inžener-tehniki we ýolbaşçy wezipelerde işleýär. Potratçy türkmen hünärmenleriniň taslamany durmuşa geçirmekdäki gatnaşygyny yzygiderli giňeldýär we olary taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirip, Türkmenistanyň ýaş raýatlaryny Hytaý nebit uniwersitetine okuwa iberýär. Korporasiýa şeýle hem Lebap welaýatynda sosial taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.
Ýokary döwlet derejesindäki ynamly syýasy gepleşik ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin berk binýat bolup durýar. Şu günki gün Türkmenistan we Hytaý ýurdumyzyň «mawy ýangyjyň» iň uly üpjün edijisi hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga we sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmaga niýetlenen täze iri başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.