«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümlerinde nebitdir gazy çykarmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek, önümçilige häzirki zaman tilsimatlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ulgamyň kärhanalaryny tehniki taýdan pugta enjamlaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu möhüm çäreler konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine hem gönüden-göni dahyllydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp sowgatly barýan müdirligiň gaýratly «gara altyn» ussatlarynyň alyp barýan işleri has-da öwgä mynasypdyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri bu hazynalar mesgeninden gotur depeli «gara altyn» ussatlarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde 825 müň 247 tonna nebit çig maly çykarylyp, bellenilen meýilnama 112 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji tutuş konsern boýunça iň ýokary görkezijidir. Kärhana boýunça geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, önümçiligiň ösüş depgini 105,4 göterim ýokarlandy. Kärhananyň gaýratly «gara altyn» ussatlarynyň ýeriň jümmüşinden çykaran nebit çig malynyň möçberi göz öňünde tutulandan 88 müň 336 tonna köpdür.