Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýedi aýyň jemlerine garaldy

16:52 02.08.2026 661

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/17504/original-16a6f2f265b898.jpg

2-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow hasabat ýygnagyny açyp, döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirýändigine ünsi çekdi. Wise-premýer toplumyň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil enjamlaryň, tehnikalaryň we innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygyny,  munyň netijesinde pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Maslahatyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Berdimyrat Amanow hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler. Onuň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ýagdaýy, bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işler we ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda dowam etdirmek babatda aýratyn bellenilip geçildi.

Hasabat ýygnagynda nebitgaz pudagyny ösdürmek, täze uglewodorod ýataklaryny we känlerini ýüze çykarmak boýunça gözleg-geologiýa we çuňňur burawlama işlerini güýçlendirmek, şeýle hem Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyrynda zähmet çekýän işgärleriň netijeli iş alyp barmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek, döwrebap tehnikalary ulanmak arkaly çykarylýan önümiň möçberini we harytlyk derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň diwersifikasiýa we eksport mümkinçiliklerini has-da giňeltmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda berlen tabşyryklar hem-de öňde goýlan wezipeler barada giňişleýin durup geçdiler.

Wise-premýer Guwanç Agajanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary hemişe gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, howa şertlerine görä, netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde möhüm wezipeleri kesgitledi hem-de pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmek babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Başga makalalar
16237fe77f2050.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi

2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


164fac18f6be8b.jpg
OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy

25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.


164fb18873cab6.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

7-nji sentýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.


1688883d0eb25c.jpg
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.


16234186000918.jpeg
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.