Türkmenistanyň gaz pudagy täze sepgitlere çykýar
12:14 11.08.2021 9345
Şu ýylyň ýedi aýynda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylan mukdary ýurdumyz boýunça 48,7 milliard kubmetre golaý boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde olar 9 milliard kubmetrden hem gowrak artdy. Tebigy gazyň 27 milliard kubmetre golaýy eksporta ugradyldy, bu görkeziji geçen ýylyň 7 aýyna garanyňda 7,3 milliard kubmetr köp boldy. Ösüş depgini 137 göterime deň boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy.
Halkara analitiki kompaniýalaryň maglumatlaryna görä, tebigy gaza bolan isleg diňe HHR-de däl-de, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda «The Wall Street Journal» amerikan neşiri bu ýagdaýyň soňky ýylyň dowamynda kompaniýalaryň COVID-19 pandemiýasy zerarly gazyň çykarylyşyny azaltmagy hem-de ony entek dikeldip bilmänligi bilen şertlendirilendir diýip belleýär. Galyberse-de, gyşyň sowuk hem-de tomsuň yssy bolmagy elektroenergetikada gaza bolan islegiň artmagyna getirdi.
Tebigy gaza islegiň artmagy onuň dünýä bazarynda gytalmagyna getirdi, bu bolsa, gazyň bahasyny, şeýle hem gaz elektrostansiýalarynyň işläp çykarýan elektrik energiýasynyň bahasyny galdyrýar diýip «The Wall Street Journal» ýazýar. Niderlandlarda ýerleşen TTF-niň – Ýewropada gazyň söwdasy boýunça iri meýdançalaryň biriniň görkezijisi boýunça iýul aýynda gazyň bahasy müň kubmetr üçin 460 dollardan hem geçdi diýip S&P Global Platts agentligi habar berýär. Gazyň we elektrik togunyň bahalary hem Germaniýada, Beýik Britaniýada, Ispaniýada, Italiýada soňky 20 ýylyň içinde rekord görkezijilerine baryp ýetdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak, sarp edijileri “mawy ýangyç” bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýerasty gaz saklawhanalaryny gurmak boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekenligini bellemek gerek.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.