Talyplaryň okuw we önümçilik tejribeligi
11.08.26 - 13:15Ýurdumyzyň beýleki ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýaşlaryň saýlap alan hünärini kämil derejede ele almaklary üpjün edilýär. Okuw mekdebinde hünär alan ýaşlaryň uly topary her ýylda döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz senagatynyň edara-kärhanalarynyň önümçiligine işe ugradylýar.
Döwrebap işleriň beýany
11.08.26 - 13:00Ýurdumyzyň günbatar sebitindäki hazynaly ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň irginsiz we netijeli zähmetinden aýrybaşga göz öňüne getirmek kyndyr. Baýlyklar känlerinde gazylan hem-de burawlaýyş işleri dowam edýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny anyk öwrenmek, takyklanan öndümli çuňluklarda zerur bolan halatynda partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly möhüm işler hut şu kärhanada ýerine ýetirilýär.
«Kenardaky» zähmet galkynyşy
04.08.26 - 13:10Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagynda we milli ykdysadyýetimizde belent ösüşleriň gazanylmagynda nebiti gaýtadan işleýän senagata möhüm orun degişlidir. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy öz önümleri bilen barha meşhurlyga eýe bolýar. Bu ýerde öndürilýän ýokary hilli nebit we nebithimiýa önümlerine dünýäde uly isleg bildirilýär.
«Yonhap» gullugynyň habarçysy Türkmenistan baradaky täsirleri bilen paýlaşdy
29.07.26 - 09:592026-njy ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly birinji sammitine taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistana «Yonhap» belli koreý habarlar agentliginiň habarçysy Son Dо Hýon geldi.
Seýdiniň bitumy: önümçilik ösüşli depginde
28.07.26 - 17:41Döwletli Diýarymyzyň gündogar sebitinde şu ýylyň alty aýynda 12,7 müň tonna nebit ýol bitumy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilikde 2,4 göterim ösüş gazanyldy. Geçen ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda bu görkeziji 12,4 müň tonna deň bolupdy. Şeýlelikde, hasabat döwründe bitum önümçiliginiň möçberi 300 tonna artdy. Bu ösüş «Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda önümçiligiň durnukly alnyp barylýandygyny görkezýär.
Ýokary netijeler aýdyň maksatlara atarýar
28.07.26 - 17:37Barha golaýlaşýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şöhratly senesini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak höwesi şu günler welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bolelin üpjün etmek ugrunda öwgä mynasyp işleri alyp barýan «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň işçi-hünärmenleriniň baş maksadyna öwrüldi.
Nebitçileriň netijeli zähmeti
21.07.26 - 22:06Hormatly Prezidentimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy iýulynda şu ýylyň geçen alty aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek
Alkyşa mynasyp gazçylar
21.07.26 - 22:03Döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretleriň biri — tebigy gaz bilen ilaty ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün etmek gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň baş aladasy bolup durýar. Şoňa görä, olar sarp edijileri «mawy ýangyç» bilen gündelik ýeterlik möçberde üpjün etmek bilen birlikde, gaz enjamlarynyň tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan gyş möwsümine birkemsiz taýýar edilmegini hem hemişe üns merkezinde saklaýarlar.
Goturdepäniň «gara altynly» guýulary
07.07.26 - 17:26«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýokary zähmet ýeňişlerine besleýärler.
Gazçylaryň maksada okgunly işleri
07.07.26 - 17:24«Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry zähmet köpçüliginiň biri bolan «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylarynyň gojaman Şabady etekläp oturan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen talabalaýyk üpjün etmekde durmuşa geçirýän işleri aýratyn buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr.
Burawlaýjylaryň göreldeli zähmeti
01.07.26 - 12:48Hazynalar mesgeni bolan Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň arasynda nebitdir gaz aýratyn orny eýeleýär. Şeýle bolansoň, milli ykdysadyýetimiziň özeni hökmünde nebitgaz senagatyny ösdürmeklige gönükdirilen işler yzygiderli amala aşyrylýar. Halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu pudagyň işgärleri hem öz öňlerinde goýlan wezipä abraý bilen hötde gelmek üçin öndürijilikli zähmet çekýärler.
«Mawy ýangyjyň» möçberi artýar
01.07.26 - 12:45«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýär.
Türkmen medeniýetiniň baýramy
23.06.26 - 17:33Düýn Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Onda hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.
Suwçularyň belent sepgitleri
09.06.26 - 14:16«Türkmennebit» döwlet konserniniň uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryny, burawlaýjylaryny, guýulary düýpli abatlaýjylaryny, önümli gatlaklaryň basyşyny kadalaşdyryjylaryny zerur mukdardaky önümçilik we agyz suwlary bilen üpjün etmek konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär.
Täze desga işe girizildi
02.06.26 - 09:10Ýakynda Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar käninde gazdan nebit kondensatly garyndyny saýlaýjy we akdyryjy desga gurlup işe girizildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetiren bu täze desgany «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň buýurmasy esasynda «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylary bina etdiler.