GDA-nyň Synçylar wekilligi Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyga syn etmek boýunça öz işine başlady
08:44 02.03.2022 11779
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Synçylar degişli hukuk kadalary esasynda kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň barşyna hem-de saýlawlaryň geçirilýän gününde ses berlişine syn ederler. Wekillige GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň ýolbaşçylary bilen 28-nji fewralda geçirilen duşuşygyň barşynda halkara synçylar toparyň bellän çäreleriniň meýilnamalary hem-de ýerlerde amala aşyrylan işler bilen tanyşdyryldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki saýlaw möwsüminde hereket edýän halkara kadalaryň ählumumy saýlaw hukugy, raýatlaryň bäsdeşlik esasynda geçirilýän saýlawlara meýletin gatnaşmagy, hödürlenen dalaşgärleriň ählisi üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi, saýlaw möwsüminiň barşynda wagyz etmek erkinligi, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goraglylygy, şonuň ýaly-da, aýdyňlyk hem-de açyklyk ýaly esasy ýörelgeler öz beýanyny tapýar.
Öňdäki jemgyýetçilik-syýasy çärä — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna halkara synçylaryň gatnaşmagynyň möhümdigi bellenilip, olaryň saýlaw möwsümine seljerme bermek, şol sanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek işleri ýerine ýetirmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi aýratyn nygtaldy. Hususan-da, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýardam bermeginde Synçylar wekilliginiň zerur tehniki enjamlar hem-de aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen Baş edarasy açyldy.
Wekilligiň işgärleriniň borçlaryna synçylary hasaba almaga ýardam bermek, guramaçylyk meselelerini çözmek, synçylary sebitler boýunça paýlamak hem-de olaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýän günündäki işleriniň tertibini kesgitlemek, synçylaryň hasabatlaryň görnüşlerini we seljermelerini taýýarlamak wezipeleri girýär.
L.Anfimowyň nygtaýşy ýaly, GDA-dan Synçylar wekilligi öz işini umumy kabul edilen halkara kadalaryň esasynda, erkin, döwletiň içerki işlerine gatyşmazdan amala aşyrar. Wekilligiň wezipesi erkin hem-de demokratik saýlawlaryň geçirilmegine ýardam etmekden ybaratdyr.
Şonuň ýaly-da, 28-nji fewralda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.Anfimowyň ýolbaşçylygyndaky Synçylar wekilliginiň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Söhbetdeşlikde 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň barşy hem-de halkara synçylaryň işini guramak barada pikir alşyldy. Mundan başga-da, GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi, ynsanperwer hem-de beýleki ulgamlarda mundan beýläkki döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi topar iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy. Bäş welaýatyň we Aşgabadyň teklipçi toparlaryndan 6 dalaşgär, Demokratik partiýadan, Agrar partiýadan we Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 3 dalaşgär bellige alyndy.
Häzirki wagtda Prezident wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyp, saýlawlardan öňki maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.