Gözleg işlerindäki üstünlik
04:25 10.06.2025 3250
Häzirki wagtda Üňüzaňyrsy Garagumuň çäklerinde kükürtsiz tebigy gazyň gorlaryny agtaryp tapmak ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Muňa soňky ýyllarda bu çäklerde açylan Agarguýy, Täjibaý, Täçmyradow, Hazarly we Demirgazyk Gazlydepe känlerini mysal getirmek bolar. Şol bir wagtyň özünde ilkinji gazylan guýudan oňyn netije alnandygyna garamazdan, ondan soňky gazylan guýudan önüm alynmandygy bilen baglylykda, öwrenilmegi soňa goýlan gurluşlaryň hem bardygyny bellemelidiris. Şeýle meýdançalaryň biri hem Demirgazyk Gazlydepe meýdançasy bolup, onuň çäklerinde 2008 — 2011-nji ýyllar aralygynda 1-nji we 2-nji gözleg guýulary gazyldy. 1-nji gözleg guýusyndan synag işleriniň netijesinde ýokarky ýura karbonat çökündileriniň oksford ýarusynyň (VIII, X we Xa) gatgatlamalaryndan senagat taýdan ähmiýetli gaz we gaz kondensatynyň akymlary alyndy. 2-nji gözleg guýusyndan alnan netijeler meýdançada bar bolan ähli maglumatlary ylmy taýdan seljermek arkaly bu ýagdaýy içgin öwrenmekligi talap edýär.
Şu nukdaýnazardan, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminiň hünärmenleri Demirgazyk Gazlydepe meýdançasynda dürli ýyllarda geçirilen UÇNU 2D seýsmiki barlaglaryň, guýy geofizikasynyň barlag usullarynyň (GGBU) we çuň burawyň maglumatlaryny häzirki zaman programma üpjünçiliklerini ulanmak arkaly täzeden teswirläp, ähli gatgatlamalar (VIII, X, Xa, XI) boýunça gurluş kartalaryny, 1-nji we 2-nji guýular boýunça bolsa deňeşdirme çyzgylaryny we geologik kesimlerini gurdular. Ýerine ýetirilen işleriň netijesinde Demirgazyk Gazlydepe meýdançasynyň ýokarky ýura duzasty karbonat çökündileriniň geologik gurluşyny has takyk öwrenmek hem-de C1 derejeli gazkondensat gorlarynyň meýdanyny giňeltmek maksady bilen, 3-nji barlag guýusyny gazmaklyga teklip berildi we onuň oturdylmaly ýeri takyk kesgitlenildi. Netije biziň garaşyşymyzdan hem has ýokary boldy.
Häzirki zaman programma üpjünçiligini ulanmak arkaly oňaýly ýerde oturdylmagy takyk kesgitlenen 3-nji barlag guýusyndan synag netijesinde ýokary akymly kükürtsiz gaz we kondensat akymlarynyň alynmagy biziň hemmämiz üçin şatlykly waka boldy. Biziň bu üstünligimiziň her ýylyň iýun aýynda bellenilýän Ylymlar gününe hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna mynasyp sowgadymyz bolandygyna hünärmen hökmünde buýsanýarys.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.