Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
11:42 25.04.2025 2760
Özbegistana dostlukly saparynyň çäklerinde 24-nji aprelde Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Baştutany netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Soňra giňişleýin düzümdäki duşuşyk geçirildi.
Energetika ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda, aýratyn-da, gaz pudagynda bilelikde işlemegiň netijesinde hil taýdan täze derejä çykyldy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri kanagatlanma bilen belledi.
Himiýa senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem üns berilmäge mynasypdyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we özara gatnaşyklaryň ýokary derejededigini hem-de Türkmenistanyň bu pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz ulag ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, türkmen tarapynyň bar bolan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy teklip edýändigini aýtdy.
- Türkmen tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny has netijeli ulanmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Aziýa — Ýewropa ugry boýunça üstaşyr ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny aýdyp, şu kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda türkmen-özbek serhedinde “Farap — Olot” ulag-logistika merkezini döretmek hem-de bu işe dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny, halkara maliýe institutlaryny çekmek meselesine garamak teklip edildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň şu ýylyň 5-nji maýynda “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategik dialogynyň ikinji sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda, 6-7-nji sentýabrda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Daşkent şäherine barjakdygy nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl biziň döwletimiz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirýär. Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderini şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek halkara foruma hem gatnaşmaga çagyrdy.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilişini üpjün etmek üçin ŞHG bilen hyzmatdaşlyga taýýar
Türkmenistan energetika ulgamynda ŞHG bilen yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, gurama agza ýurtlaryň zerurlyklaryny üpjün etmek, geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmäge iş ýüzünde girişmäge teklibini beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Samarkantda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda belledi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Türkmenistan maýadarlary strategik taýdan möhüm energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrýar
Kuala-Lumpurda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynda (TEIF 2025) “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy – Döwlet ministri Maksat Babaýew çykyş edip, ýurdumyzyň energetika pudagyndaky strategik ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Esasy ugurlaryň hatarynda “Galkynyş” gaz käniniň täze tapgyrlarynyň özleşdirilmegi görkezildi.
Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge açyk — Prezident
Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkantda ŞHG sammitinde eden çykyşynda belledi.