Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Özbegistanda halkara olimpiadada medallary gazandylar
03.02.26 - 15:21Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 2026-njy ýylyň 24-29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen matematika we himiýa boýunça halkara olimpiadalarynda ýurdumyzyň ýokary bilim edarasyna mynasyp wekilçilik etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
03.02.26 - 15:23Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.
TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 5 million 893 müň dollardan gowrak boldy
03.02.26 - 15:20Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça teklibi makullady
02.02.26 - 11:5730-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-da 2026-njy ýylyň şygary maslahatlaşyldy
30.01.26 - 16:11Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at - myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan "tegelek stoluň" başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Energetika we ulag-üstaşyr ulgamlary – Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda
30.01.26 - 16:07Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň 2026-njy ýylda guramadaky başlyklygy barada durup geçmek bilen, ýurduň geografik ýerleşişiniň ykdysady meseleleriň, şol sanda üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýetini kesgitleýändigini nygtady. Bu barada Sergeý Lebedew 29-njy ýanwarda Minsk şäherinde Türkmenistanyň başlyklygynda geçirilen GDA-nyň agza döwletleriniň doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisinde mälim etdi.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleri Hazar deňzinde portlaryň gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar
30.01.26 - 16:09Azerbaýjana iş saparynyň dowamynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň direktory Parahat Jumaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti “Baku halkara deňiz porty” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň häzirki tapgyryny maslahatlaşdylar
29.01.26 - 11:41Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministri Hedaýatulla Badri bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy esasy mowzuklaryň biri boldy.
Türkmenistan we Hindistan strategiki ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýarlygyny tassykladylar
28.01.26 - 09:4226-njy ýanwarda Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy. Çärä Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu we Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki bazara “Türkmennebit” DK-nyň öndüren binýatlyk ýagy ýerlenildi
28.01.26 - 09:41Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýyl üçin ösüş we maýa goýum strategiýasyny makullady
26.01.26 - 12:3623-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyna garaldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklibi goldady
24.01.26 - 10:4923-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Aşgabatda «ýaşyl» energetika boýunça iň oňat makala bäsleşiginiň jemleri jemlendi
26.01.26 - 10:4423-nji ýanwarda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmengaz» döwlet konserni, «Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) we «Ussatnews» elektron gazeti tarapyndan guralan «Ýaşyl energiýa — ýagty geljek» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady
24.01.26 - 10:45«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy №10123191 belgili bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalary kabul etmegiň deslapky tapgyrynyň başlandygyny habar berýär. Taslama enjamlary düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary bermegi we zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligini göz öňünde tutýar diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär.
Energetika, ulag we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
24.01.26 - 10:4622-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.