2030-njy ýyllaryň başyna dünýä bazarynda nebitiň bahalary aşaklap başlar — bilermenler
09:20 31.05.2021 7134
2030-njy ýyllaryň başynda dünýä bazaryndaky nebite bolan isleg peselip başlar, bu bolsa býujetiň nebit girdejileriniň azalmagyny aňladýar. Bu barada RF-niň Hasap palatasynyň ýolbaşçysy A.Kudrin aýtdy diýip, neftegaz.ru habar berýär.
Kudrin 2020-nji ýyllaryň ahyrynda - 2030-njy ýyllaryň başynda dünýäde nebite bolan islegiň peselip başlajakdygyny, kompaniýalaryň uglerod bitaraplygyna ýetmek başlangyçlarynyň güýçlenjekdigini aýtdy. 2040-njy ýyllara çenli köp sanly ýurtlar CO2 zyňyndylaryny iki esse azaldar. Nebitgaz girdejileriniň jemi içerki önümiň göterimi we býujetdäki paýy yzygiderli pese gaçar.
Dünýäde nebite bolan islegiň peselmegini köp hünärmenler çak edýär. Şeýlelikde, Halkara Energetika agentligi (IEA) 2023-nji ýyla çenli islegiň dikeldiljekdigini we 2030-njy ýyla çenli günde 0,7 million barrele çenli ösjekdigini, soň bolsa plato çykmagyna garaşýar.
HEA-nyň maglumatlaryna görä, ösen ykdysadyýetli ýurtlarda isleg 2030-njy ýyla çenli krizisden öňki derejä gaýdyp gelmez.
OPEK ösen ýurtlar üçin nebit döwrüniň tamamlanandygyna ynanýar, ýöne ösüp barýan döwletler nebit sarp etmegini artdyrýar. Şunuň netijesinde nebit 2045-nji ýyla çenli öňdebaryjy energiýa göterijisi ornuny saklar. Emma ählumumy energiýa deňagramlylygynda onuň paýy peseler — 2019-njy ýylda 31,5% -den 2030-njy ýyla çenli 30,4% -e we 2040-njy ýyla çenli 28,3% -e çenli.
Belläp geçsek, ýurtlaryň aglabasy eýýäm häzirden wodorod energiýasyny ösdürmäge ymtylýarlar. Mysal üçin, Russiýa ýakynda Saud Arabystanyna wodorod energiýasyny ösdürmek we energiýa saklaýyş tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça iş toparyny döretmegi teklip etdi. Russiýa tehnologiýalar we maýa goýumlar pudagynda, şol sanda wodorod energiýasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi möhüm ugur hasaplaýar.
2020-nji ýylyň noýabrynda Saud Arabystany wodorodyň iň köp eksportçysy bolmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu ýurtdaky tebigy gazyň ägirt uly gorlary oňa «mawy» wodorod, ýagny uglewodorodlardan alynýan ýangyç öndürmäge mümkinçilik berýär. Saud Arabystany 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ammiak görnüşine öwrülen «mawy» wodorodyň ilkinji toparyny Ýaponiýa iberdi.
Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries Ltd. kompaniýasy dünýäde ilkinji suwuklandyrylan wodorod tankerini gurdy. Ol Awstraliýa - Ýaponiýa ugry boýunça hereket eder. Awstraliýadan suwuklandyrylan wodorodyň ilkinji tapgyry 2022-nji ýylyň ýazynda Ýaponiýa gelmeli. Kawasaki Heavy 9 million tonna suwuklandyrylan wodorody daşamak üçin 80 tanker gurmagy meýilleşdirýär.
Belläp geçsek, ýakynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň ählumumy «tegelek stolunda» çykyş edip, Türkmenistanyň pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyny ösdürmek baradaky başlangyçlaryny aýtdy.
Şol aýda döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna wodorod energiýasyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy. Ýakynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawoda saparynyň barşynda Prezident wodorodyň geljegiň ýangyjydygyny, onuň önümçiliginiň dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi babatdaky aladalary sebäpli örän möhümdigini aýtdy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.