Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň forumynda pes uglerodly energetikany we wodorod ýangyjyny ösdürmek başlangyjy bilen çykyş etdi

11:07 28.05.2021 6939

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2270/original-160adf2d848cba.jpeg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow onlaýn görnüşde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň geçiren «Gazylyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahatynda eden çykyşynda pes uglerodly energetikany we wodorod ýangyjyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny beýan etdi.

«Häzirki döwrüň çynlakaý ekologiýa wehimlerine garşy durmakda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine we berkidilmegine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistan birnäçe anyk hem-de gaýragoýulmasyz başlangyçlary teklip edýär» - diýip Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hususan-da, BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmek zerurdyr. Ikinji teklip bolsa BMG-niň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» döretmek wehimdir.

Forumda eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna gyşarnyksyz we ählumumy ygrarlylygyň bu ugruň möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýaryn. Hut şol resminama asyrymyzyň ählumumy ekologiýa we tebigaty goraýyş gün tertibini kesgitlemäge, ony ýerine ýetirmek ugrunda halkara hukuk gurallarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir diýip belledi.

Bu düýpli resminama goşulmak bilen, Türkmenistan BMG, beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen ony hemmetaraplaýyn utgaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki döwürde Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalara laýyklykda, Türkmenistanda BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegi hakynda Dördünji milli maglumaty hem-de Birinji ikiýyllyk maglumaty taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu resminamalaryň ikisi hem 2023-nji ýylyň başynda BMG-niň sekretariatyna hödürlener.

Senagaty ösdürmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde ozon gatlagyny goramak babatda iki iri taslamany amala aşyrmaga taýýarlyk işlerini alyp barýarys. Şeýle hem bu we beýleki halkara düzümler, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

Dünýäde iri serişde öndüriji ýurtlaryň biri bolan bilen we bu ugurda öz jogapkärçiligine doly düşünýän Türkmenistan önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar.

Türkmenistanyň Üçünji milli maglumatlarynyň çäklerinde geçirilen bilermenleriň bahalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň ösüşi jemi içerki önümiň birligine görä energiýa sarp edilişiniň udel agramy peseler. Şeýlelikde, ugleturşy gazyň zyňyndylarynyň möçberini 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli peseltmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ýurdumyzda tokaýlary dikeltmek, howa şertleriniň täsirini peseltmek üçin ýerden peýdalanmak usullaryny gowulandyrmak ugrunda uýgunlaşdyryjy çäreler giňden ornaşdyrylýar. “Gök guşak” umumymilli maksatnamasynyň çäklerinde, suwaryşyň oňyn suw tygşytlaýjy usullaryny ulanmak arkaly, şäherleriň töwereklerinde ägirt uly meýdanlary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda goşmaça 30 million düýp bag nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär.

Bu işler uzak geljegi nazarlamak bilen, maksatnamalaýyn esasda we netijeli, şol sanda döwlet-hususy pudak gatnaşyklary esasynda alnyp barlar diýip, döwlet Baştutany belledi.

Başga makalalar
1621db9d5594e9.jpeg
Nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda öňdeligi eýeledi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.


1684708528ab7e.jpg
Gözleg işlerindäki üstünlik

Häzirki wagtda Üňüzaňyrsy Garagumuň çäklerinde kükürtsiz tebigy gazyň gorlaryny agtaryp tapmak ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Muňa soňky ýyllarda bu çäklerde açylan Agarguýy, Täjibaý, Täçmyradow, Hazarly we Demirgazyk Gazlydepe känlerini mysal getirmek bolar.


1621db9a46b535.jpeg
GDA-nyň Synçylar wekilligi Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyga syn etmek boýunça öz işine başlady

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16847080917f1b.jpg
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär

Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyny gazanmaklyga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi ýüze çykýar.


1621e1762178a7.jpeg
Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.