Dragon Oil — Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkäri
15:15 23.04.2021 27027
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumynyň açylyş dabarasyna ýigrimi gün galdy. Aşgabatda 12-13-nji maýda geçiriljek bu işewür duşuşyk öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylaryny, şeýle hem diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde nebitgaz toplumynyň geljegini çaklaýan bilermenleri birleşdirer.
Forumy gurnaýjylaryň bellemegine görä, türkmen paýtagtynda iki gün dowam etjek duşuşykda çykyş etjekler dürli mowzuklary we işewür gyzyklanmalary, ýangyç-energetika pudagynyň ösüşindäki ählumumy ýörelgeleri, Türkmenistanyň energiýa diplomatiýasynyň ileri tutýan ugurlaryny, TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişindäki öňegidişlik, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek, gaz himiýa taslamalarynyň geljegi we başgalary öz içine alar.
Ýakynda geçiriljek çäräniň bürünç hemaýatkärleriniň arasynda Emirates National Oil Company (ENOC) kompaniýasynyň golçur kompaniýasy bolan Dragon Oil kompaniýasy bar. “Dragon Oil” 1993-nji ýyldan bäri Önümçiligi paýlaşmak şertnamasy (ÖPŞ) boýunça Türkmenistanda işleýär. Kompaniýanyň esasy işi, Jeýtun we Jygalybeg nebit ýataklaryny özleşdirmek (Hazar deňziniň türkmen böleginiň Çeleken şertnamalaýyn çägi). “Dragon Oil” bu ýerde 2000-nji ýyldan bäri üstünlikli işleýär. Kompaniýa 7,5 milliard dollardan gowrak maýa goýdy.
Taslamanyň çäginde Dragon Oil täze guýulary burawlady, önümçilik we deňizde durnukly ulanyş we stasionar platformalar gurdy, bar bolan guýulary düýpli abatlady, ulgamyň ähli baglanyşyklarynyň durkuny täzeledi.
2014-nji ýylda Jygalybeg ýatagynda kompaniýa deňizdäki stasionar platformanyň gurluşygyny tamamlady we täze guýulary burawlap başlady.
Häzirki wagta çenli kompaniýanyň işgärleriniň sany 2 müňden gowrak, olaryň aglaba bölegi Türkmenistanyň raýatlarydyr.
2025-nji ýyla çenli “Dragon Oil” önümçiligi giňeltmegi we nebit önümçiligini günde 100 müň barrele ýetirmegi meýilleşdirýär. Arap nebit-gaz kompaniýasynyň baş müdiri Ali Raşid Al-Jarwanyň sözlerine görä, nebit we gaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça kärhana ähli ýerlerde umumy önümçiligi üç esse artdyrmagy maksat edinýär.
2005-nji ýyldan şu güne çenli 400-e golaý durmuş taslamasy ýerine ýetirildi. Olar bilim, sport we medeni ugurlary öz içine alýar.
2015-nji ýylda kompaniýa Tomsk politehniki uniwersitetinde dürli nebit we gaz ugurlary boýunça bilim almaga mümkinçilik berýän Hazar şäherindäki mekdepleriň uçurymlary üçin stipendiýa meýilnamasyny döretdi. Häzirki wagtda bu maksatnamanyň çäginde 44 talyp ol ýerde nebit-gaz biznesi, himiýa tehnologiýasy, tehnologiki prosesleri awtomatlaşdyrmak we önümçilik ýaly ugurlarda okaýar.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.