«Günorta gaz geçelgesini» Merkezi Ýewropa çenli uzaltmak gerek — Wengriýanyň DIM-niň ýolbaşçysy
14:59 13.03.2021 8275
«Günorta gaz geçelgesiniň» (GGG) ähmiýeti barada Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýarto Azerbaýjanyň Energetika ministri Parwiz Şahbazow bilen söhbetdeşlikde aýtdy, diýip Interfaks-Azerbaýjan habar berýär.
Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň beýannamasynda "GGG-niň Wengriýa üçin gaz çeşmeleri we ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini belläp, ministr taslamanyň Merkezi Ýewropa uzaldylmagyna gyzyklanma bildirdi" diýip aýdylýar.
Azerbaýjanyň Energetika ministrligi çarşenbe güni Parwiz Şahbazowyň Peter Siýarto bilen iki ýurduň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygy, şol sanda Azerbaýjanyň Ýewropa energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmakdaky, aýratyn hem gaz üpjünçiligindäki orny barada pikir alşandygyny habar berdi.
Günorta gaz geçelgesi 2018-nji ýylyň 29-njy maýynda işe girizildi. Taslamanyň bahasy 33 milliard dollar boldy. GGG arkaly gazyň umumy mukdary ýylda 16 milliard kub metre barabar bolup, şondan 10 milliard kub metri Ýewropa, 6 milliard kub metri Türkiýäniň günbatar sebitlerine iberilýär.
Türkiýä ibermeler 2018-nji ýylyň tomsunda başlandy. Şah-Deniz ýatagyndan Italiýadaky, Gresiýadaky we Bolgariýadaky sarp edijilere azerbaýjan gazyny ibermeklik 2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda başlandy. Ýewropa eksport ýylda 10 milliard kub metr geçirijilik ukyby bolan Trans-Adriatik gaz geçirijisi (TAP) arkaly amala aşyrylýar. 2021-nji ýylda Azerbaýjan Günorta gaz geçelgesiniň üsti bilen Ýewropa 5 milliard kub metrden gowrak gaz ibermegi meýilleşdirýär.
2020-nji ýylyň awgust aýynda Wengriýanyň Daşary işler we Söwda ministrliginiň GGG-den tebigy gaz importyna aýratyn gyzyklanma bildirýändigi we bu ugurda Türkmenistany geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny habar berendigi bellärliklidir. Energetika meselesi Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Sijartonyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
GGG Ýewropa Bileleşiginiň ileri tutulýan taslamalarynyň biridir. Ol birinji tapgyrynda 10 milliard kub metr azerbaýjan gazynyň iberilmegini göz öňünde tutýar. 2019-njy ýylyň fewral aýynda GGG boýunça Konsultatiw Geňeşiniň mejlisinde Ýewropa Bileleşigi we Azerbaýjan Türkmenistany bu taslama goşulmaga çagyrdy.
ÝB GGG ulgamynyň bir bölegine öwrüljek Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýär. Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy azyndan 30 ýyl türkmen gazyny Ýewropa bazaryna uly mukdarda ibermegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.