TESC 2025 maslahatynda Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça gazananlary beýan edildi
13:47 06.06.2025 11112
5-nji iýunda Aşgabatda geçirilen "Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri" (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça innowasion gözegçilik çäreleri we täsirli netijeler görkezildi.
Bu ugurda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa öz çykyşynda gürrüň berdi.
Türkmenistan Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Ählumumy borçnamasyna goşulany bäri howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ygrarlydygyny işjeň görkezýär. Ýurdumyz öňünde uly maksat goýdy: 2030-njy ýyla çenli 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende metan zyňyndylaryny azyndan 30% azaltmak. Bu bolsa, tassyklanan ýol kartasy bilen we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna hem-de Pariž ylalaşygyna laýyklykda halkara ekologiýa maksatnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmek bilen tassyklanýar.
Metan zyňyndylaryna netijeli gözegçilik etmek üçin Türkmenistan 2024-nji ýylyň mart aýynda BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) bilen bilelikde taslamany başlady. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde MARS (Metan zyňyndylary boýunça duýduryş we täsirleşik ulgamy) sanly platformasynda hemra maglumatlary yzygiderli kabul edilip başlandy, bu bolsa zyňyndy çeşmelerine hakyky wagt derejesinde gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Ulgamyň netijeliligi eýýäm subut edildi. 2024-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda MARS ulgamy «Türkmengaz» döwlet konserniniň ähli gaz çykaryjy müdirliklerinde metan zyňyndylarynyň ýüze çykmandygyny görkezdi. Bu bolsa öňüni alyş çäreleriniň we yzygiderli gözegçiligiň üstünlikli bolandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň tagallalarynyň iň görnükli mysallarynyň biri hem meşhur “Derweze” gaz kraterindäki metan zyňyndylarynyň ep-esli derejede azaldylmagydyr. Gözleg guýusynyň burawlanyşynda ýüze çykan heläkçilik netijesinde emele gelen bu krater onlarça ýyl bäri ýanyp, metan zyňyndylarynyň möhüm çeşmesi bolupdy. Ilkibaşda gaz bilen zäherlenmäniň öňüni almak üçin oňa ot berildi, ýöne ýatakdaky köp gatly gurluş sebäpli gazyň akymy dowam etdi.
Häzirki wagtda ýagdaý düýpgöter üýtgeýär. Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri Çaljülbe ýatagynda, şol sanda kraterde hem amala aşyrylýan işleriň maksatnamasyny taýýarladylar we üstünlikli durmuşa geçirýärler. Öň konserwirlenen guýulary özleşdirmek we işe girizmek işleri amala aşyryldy. Az basyşly gaz we az gazly gat suwlarynyň dürli guýulardan alynmagy kratere gelýän gazyň azalandygyny görkezýär.
Krateriň golaýynda täze ýokary öndürijilikli guýular burawlandy, olar gaz çykaryşyny ep-esli ýokarlandyrdy. 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri şeýle iki guýy işe girizildi we gaz çykaryşynyň aýlyk depgini birnäçe esse ýokarlandy. Häzirki wagtda programmanyň indiki tapgyry başlandy, beýleki guýulary konserwirlemekden çykarmak işleri alnyp barylýar, 2025-nji ýylyň fewralynda bolsa ýokary gaz akymy bolan täze guýynyň burawlan işi üstünlikli tamamlandy.
Şeýlelikde, anyk netije gazanyldy. 2013-nji ýylda Derweze gaz krateriniň alawyny birnäçe kilometre çenli görüp bolýan bolsa, häzirki wagtda onuň ýanyp duran ýerini diňe golaýyna baryp görmek bolýar. Bu oňyn üýtgeşmeler «Capterio» kompaniýasynyň garaşsyz hemra maglumatlary bilen hem tassyklanylýar. Olaryň birnäçe ýylyň dowamynda Derweze krateriniň ýanyp durmagyny we metan zyňyndylaryny yzarlamak boýunça beren maglumatlary zyňyndylaryň ep-esli derejede — 3 esseden gowrak— azalandygyny görkezýär.
Çykyşda bellenilişi ýaly, geçirilen barlag dürli maglumat çeşmelerini utgaşdyryp, esasly çözgütleriň kabul edilmegine we iň kyn şertlerde hem zyňyndylary azaltmak üçin umumy modeli döretmäge mümkinçilik berýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň ekologiýa taýdan durnuklylyga ygrarlylygy diňe uly taslamalarda däl-de, eýsem her ýyl geçirilýän ylmy maslahatlarda hem aýdyň ýüze çykýar. Nebitiň we tebigy gazyň dünýä energetika deňagramlylygynda 2050-nji ýyla çenli möhüm orun eýelär diýlip garaşylýan hem bolsa, Türkmenistan üçin esasy maksat diňe çykarmak däl, eýsem serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak we daşky gurşawa zyýanly täsiri yzygiderli azaltmak bolup durýar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.