Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer goldaw bermäge çagyrdy — DIM

10:21 21.12.2021 12425

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3582/original-161c0280bb6138.jpeg

Türkmen tarapy dünýä jemgyýetçiligini, ilkinji nobatda bolsa, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletlerini owgan halkyna goldaw bermäge çagyrdy. Bu barada Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde geçirilen «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde beýan edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Forumyň işine YHG-nyň agza döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň we Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Öz çykyşynda türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwer goldawyny bermegiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen soňky ýyllaryň dowamynda Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň ençemesiniň, ýagny mekdebiň, lukmançylyk edarasynyň, metjidiň gurlup ulanmaga berilendigi bellenilip geçildi. Yzygiderli esasda ynsanperwerlik ýüki ugradylýar, olaryň soňkusy şu ýylyň 14-nji dekabrynda guraldy. Owganystana ugradylan ynsanperwerlik kömeginiň düzümine nebit önümleri, azyk harytlary, çagalar üçin egin-eşikler girizilendir.  

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça YHG-nyň  agza-ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary mejlisiniň jemleýji Kararnamasyna Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň dowam edilmeginiň hem-de bu ugurda TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasy ýaly owgan halkynyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna täze mümkinçilikleri döredýän iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy baradaky bentler girizildi.

Şonuň ýaly-da bu resminamada Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň çözülmegi babatynda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji Sammitiniň hem-de onuň netijeleri boýunça kabul edilen «Hereketleriň Aşgabat ylalaşygynyň» ähmiýeti aýratyn bellenilip geçilýär.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.