Aşgabatda «Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy
10:40 15.07.2025 2828
14-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Okuw sapaklaryna Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar sebitiniň dürli ugurlary bilen baglanyşykly iş alyp barýan ekologlary, diplomatlary, serhet gullugynyň işgärleri, nebit pudagynyň hünärmenleri, gidrometeorologlary, gidrograflary, hukukçylary, ykdysatçylary, ulag pudagynyň işgärleri, balykçylyk pudagynyň we degişli beýleki pudaklaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Okuw sapaklarynyň açylyş dabarasynda Halkara ummanlar institutynyň dolandyryjy direktory Antonella Wassallo, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, okuw sapaklarynyň direktory Parwin Farşçi we wideoaragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen Halkara ummanlar institutynyň hormatly prezidenti Awni Behnam çykyş etdiler.
Çärä gatnaşyjylar Hazar deňziniň gepleşikler ýolunyň oňyn ösüşini hem-de Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüş pikilerini we mehanizmlerini ilerletmekde goşan goşandyny bellediler.
Okuw sapaklarynyň maksatnamasy adatça, deňiz giňişligini meýilleşdirmek boýunça işjeň moduly öz içine alýar. Şeýle hem, okuw sapaklarynyň çäginde ilkinji gezek Milli ýurisdiksiýanyň çäginden daşynda biodürlüligi saklamak hakynda ylalaşyk boýunça ýörite seminary geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmen-täjik hökümetara topary ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk toplumlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi
Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda aýdyldy. Bu barada Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisinde bellenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.