Nebitiň we gazyň senagat akymy alyndy
04:15 13.05.2025 3134
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleriniň çekýän yhlasly zähmeti tüýs ýerine düşdi. Olaryň Günbatar Goturdepe käninde burawlan 1907-nji barlag guýusyndan gymmatly çig mal bolan nebitiň senagat akymy alyndy.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna ynamly gadam basdyk. Ýurdumyzyň sebitlerinde, şol sanda Balkan welaýatynda gözleg-barlag işlerini giňden ýaýbaňlandyrýarys. Bilelikde edýän tagallalarymyz ýerine-de düşýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň baýlyk gorunyň üstüne baýlyk goşulýar» diýip, ekspedisiýanyň baş geology Sünnet Hatamow höwes bilen gürrüň berýär.
Lebaply baýlyk agtaryjylar ýokarda ady agzalan kände 4 müň metre golaý çuňlugy burawladylar. Munuň özi bu kände burawlanan iň çuň guýudyr. Şonuň netijesinde, aşaky gyzyl reňk
13-nji gatlakda nebitiň we tebigy gazyň bol ýatagynyň üsti açyldy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde çig nebitiň 93,4 tonnasyna, tebigy gazyň 4 müň 430 kub metrine barabardyr. Gözlegleriň şowly tamamlanmagy bu käniň gymmatly çig mallary öndürmekde uly geljeginiň bardygyny ynandyryjylykly tassyklaýar. Şanly ýylda bu uly zähmet ýeňşi buraw desgasynyň ýolbaşçysy Jumageldi Orazowyň hem-de toparyň agzalarynyň agzybirlik bilen maksada okgunly işlemekleri arkaly gazanyldy.
Toparyň agzalarynyň hünär derejeleriniň ýokarydygyny, baý iş tejribeleriniň eýeleridigini aýratyn bellemelidir. Şeýle hünärmenleriň hatarynda buraw ussasy Magtym Mahmudowyň, alyp baryjy geolog Mamurjan Çaryýewiň, burawlaýjy Töre Bazarowyň, burawlaýjynyň kömekçileri Gahryman Gurtgeldiýewiň, Artyk Öwezgulyýewiň we beýlekileriň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar.
«Nesip bolsa, üstümizdäki ýylda şeýle buýsandyryjy hoş habarlaryň sany has artar. Munuň üçin burawlaýjylarymyz yhlas bilen zähmet çekýärler. Biz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň baýlyklaryny barha artdyrmak boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerini abraý bilen durmuşa geçirmek ugrunda geljekde-de tutanýerli zähmet çekeris» diýip, baş geolog Sünnet Hatamow ynam bilen gürrüň berýär.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.