Gurbanguly Berdimuhamedow we Emmanuel Makron türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
19:57 07.05.2025 3910
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Emmanuel Makron ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Fransiýanyň Baştutany öz ýurdunyň Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaş hökmünde gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Ýewropada Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini belledi.
Häzirki halkara gatnaşyklaryň dünýä arhitekturasynda möhüm özgerişleriň şaýady bolýan döwrümizde bu aýratyn möhüm bolup durýar. Bu özgerişler umumy ykrar edilen dünýä institutlarynyň çäklerinde jebisleşmek tagallalaryny talap edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we durnukly ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň köptaraply usulynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bolmagynda galýandygyna ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek bolup durýar. Şolaryň arasynda Fransiýa aýratyn orna eýedir. Biziň ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen, şol sanda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz geçen aýda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň möhüm ähmiýetini nygtady.
Türkmenistan häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamyna eýedir. Şoňa görä-de, Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, Hazarüsti ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi biz üçin uly gyzyklanma döredýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtsak, biziň bu gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak üçin uly mümkinçiliklerimiz bar. Biz eýýäm hormatly jenap Prezident bilen energetika, ulag, suw hojalygy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary ýaly esasy ugurlarda özara gatnaşyklarymyzy işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdyk diýip, Milli Liderimiz aýtdy we metan zyňyndylaryny azaltmagy, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, bank ulgamyny, hususy pudagy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Fransiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda durnukly şäher ösüşi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Jarnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň arasynda bilim we ýokary okuw mekdepleri ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy”; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Fransiýanyň Tebigy taryhynyň milli muzeýiniň arasynda arheologik ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Thales Alenia Space France» kompaniýasynyň arasynda “TürkmenÄlem 52°E-2” milli telekommunikasiýa hemrasyny üpjün etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kayrros SAS» kompaniýasynyň (Fransiýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.