Türkmenistan we ABŞ sebit taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
16:44 18.12.2020 4643
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň jemleýji bölüminde sebit we halkara derejeli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Mejlisiň dowamynda sebit we halkara ähmiýetli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Gündogar–Günbatar» we «Günorta–Demirgazyk» ugurlar boýunça Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykýan sebitara ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi, şeýle-de Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy we beýleki ikitaraplaýyn bähbitli taslamalar mümkin bolan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. ABŞ-nyň wekiliýetine Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Den Nigriýa ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň iki ýurduň bilelikdäki işiniň esasy ugry bolup durýandygy barada belläp geçdi. Ol maýa goýum we innowasiýalar işi hem-de önümçiligi we ikitaraplaýyn söwdany döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi babatda belledi. Amerikan kompaniýalaryň türkmen bazaryndaky köpýyllyk üstünlikli işi we Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň netijeliligi barada nygtaldy.
Mejlise gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça taraplaryň çykyşlaryny diňlediler. Ýurduň maýa goýum we işewürlik ýagdaýyny, şeýle-de kadalaşdyryjy esaslaryny kämilleşdirmek ugrunda Türkmenistanyň alyp barýan hem-de abraýly halkara maliýe guramalaryň, hususan-da, Halkara pul gaznasynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň hasabatlary bilen tassyklanylýan amaly ädimler barada aýratyn bellenip geçildi. Bulara Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulyşmagy-da şaýatlyk edýär. Türkmenistanda zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işler barada hem bellendi.
Taraplar ABŞ-nyň Halkara ösüş baradaky agentliginiň (USAID) ähmiýeti, şol sanda onuň milli derejedäki hem-de ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky “С5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekdäki orny barada gürrüň etdiler. Şeýle-de ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) wajyplygy hakynda bellenip geçildi.
Şeýle hem taraplar ekologiýa howpsuzlygy pudagynda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça önümçiligi döretmek we ylmy alyş-çalşygy amala aşyrmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada gürrüň etdiler.
Syýasy geňeşmeleri jemlemek bilen, taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginine kanagatlanma bildirdiler, şeýle-de ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga, ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýtdylar.
Türkmenbaşynyň deňiz portunyň polipropilen terminaly milli önümleriň eksportyny artdyrýar
Dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebitgaz senagatynyň önümleri Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň polipropilen terminalynyň üsti bilen eksport edilýär.
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
3-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Aşgabatda OGT – 2024 Halkara maslahatynda pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin çykyş eder
Energetika ulgamynda dünýä belli bilermen we Pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin şu ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” halkara maslahatyna gatnaşar.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilişi teleradioýaýlymlarda göni ýaýlymda berler
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda ses berişlik Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde göni ýaýlymda görkeziler.