On aýyň jemine garaldy
11:07 10.11.2020 4622
Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda wideomaslahat görnüşinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirilip, onda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada, birleşiklerde we müdirliklerde hem-de edara-kärhanalarda alnyp barlan işlere baha berildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hasabat ýygnagyny açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 5-nji noýabrda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, pudakda öndürilýän önümleriň we tebigy gazyň eksportyny artdyrmak, zawodlaryň kuwwatlyklaryny doly ulanmak, nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek babatda jogapkärli wezipeleri goýandygyny belledi.
Soňra hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çykyşlarda şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri, şeýle-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary hakynda durlup geçildi. Hususan-da, nebiti, gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda, şeýle hem «mawy ýangyjy» eksport etmekde, çig maly gaýtadan işlemekde, benzini, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny we beýleki nebit önümlerini öndürmekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.
Mundan başga-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmek barada durlup geçildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz senagaty toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde eýeleýän aýratyn ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça berýän tabşyryklaryny öz wagtynda berjaý etmekligiň ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.