Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi

09:46 28.02.2024 1138

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/10039/original-165debab80f285.jpg

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdy.

Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz»  döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy SaparAtaberdiýew, «Türkmengaz»  döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminiň uly ylmy işgäri Jennet Jumahanowa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni Myrat Atagarryýew,  «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Ahalgidrogeologiýa ekspedisiýasynyň gidrogeology Bägül Hommyýewa dagy çykyş etdi.

Maslahatyň dowamynda  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň fewral aýynyň 22-sine türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde bolan Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça kesgitlenen gaýragoýulmasyz wezipeler, ykdysadyýeti gurnamakda, dolandyrmakda netijeliligi gazanmagyň oýlanyşykly tejribesiniň kemala gelşi, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirmegi bilen döwleti dolandyrmagyň ygtybarly, demokratiýa we hukuga esaslanýan nusgasynyň döredilendigi, jemgyýetimiziň her bir wekiliniň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamynyň kemala gelendigi hakynda çykyşlara giň orun berildi.

Şeýle-de ýurdumyzda alnyp barylýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylyşy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygider gowulandyrylyşy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň batly depginlerde ösdürilişi, onuň öňde goýlan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýeti barada çykyşlar diňlenildi.

Maslahatyň barşynda nebitgaz toplumynyň işgärleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan tassyklanan Maksatnamadan, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň öňde goýan çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bilelikde tutanýerli zähmet çekjekdigi aýratyn nygtaldy.

«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşy dabaraly maslahatyň täsirini artdyrdy.

Başga makalalar
162cfc3741e3bb.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň energetika ministri bilen energetika ulgamynda ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui bilen iki ýurduň ykdysadyýetiniň strategiki ugurlary bolup durýan energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.


162cc02836c6b3.jpeg
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi birinji ýarym ýylyň jemleri boýunça 6% möçberde saklanýar

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede — 6 göterim möçberde saklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi. Mejlisiň barşynda 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri seljerildi.


162ce693deab72.jpeg
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary ýokarlandyrylar

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda Türkmenistanda aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.


162ce69aeb4ed7.jpeg
Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolar

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alşa çykar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlap geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde karar kabul etdi.


162cc021d5ee65.jpeg
Hökümet mejlisinde Türkmenistanda nebitgaz toplumynyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda işiniň netijelerine garaldy

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.