Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegini iberdi
16:50 09.02.2023 5375
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýer titremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr.
Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Baştutanyna gynanç hatyny iberdiler. Hatlarda şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözler, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.
Daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda hersi ýedi baldan ýokary bolan iki sany güýçli ýer titreme bolup geçdi. Türkiýedäki ýer titreme netijesinde aradan çykanlaryň sany 12 müňden geçdi, şikes alanlaryň sany 63 müňe golaýlady diýip, penşenbe güni Anadolu agentligi habar berýär.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýede tebigy betbagtçylykdan gurban bolanlaryň hormatyna ýedi günlük umumymilli matam çäresini yglan etdi.
Gözleg işlerindäki üstünlik
Häzirki wagtda Üňüzaňyrsy Garagumuň çäklerinde kükürtsiz tebigy gazyň gorlaryny agtaryp tapmak ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Muňa soňky ýyllarda bu çäklerde açylan Agarguýy, Täjibaý, Täçmyradow, Hazarly we Demirgazyk Gazlydepe känlerini mysal getirmek bolar.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyny gazanmaklyga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi ýüze çykýar.
Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.
Nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda öňdeligi eýeledi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Owganystanyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi
Penşenbe güni Aşgabatda ýurdumyza sapar gelen Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi diýip, TDH habar berýär.