Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Owganystanyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi
07:45 30.08.2024 3958
Penşenbe güni Aşgabatda ýurdumyza sapar gelen Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Myhmanlar ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň giň möçberli meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Owganystanly myhmanlar halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilen ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Owgan wekiliýetiniň ýurdumyza sapary dowam edýär.
Türkmenistan habarlar portalynyň habar bermegine görä, 29-njy awgustda Aşgabatda «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary we ýurduň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistany, Owganystany, Pakistany we Hindistany birleşdirýän TOPH taslamasy eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde we sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde strategiki orun eýeleýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar taslamanyň üstünde netijeli işleri dowam etdirmegiň we gaz geçirijiniň gurluşygynyň ähli tapgyrlarynyň üstünlikli tamamlanmagy üçin göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümligini bellediler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.