Suwuklandyrylan gazdan netijeli peýdalanylýar

Suwuklandyrylan gazdan netijeli peýdalanylýar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary welaýatyň medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalarynyň ýaşaýjylaryny we Garagum sährasynyň jümmüşindäki obalaryň ilatyny suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Bu ugurda müdirligiň gaz dolduryjy bekediniň işçi-hünärmenleriniň şu günler ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary bilen agzybirlikde durmuşa geçirýän derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Olaryň birleşen tagallalary netijesinde welaýatyň Görogly etrabynyň «Garagum» we Nyýazow adyndaky etrabyna degişli «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklarynyň çopanlary hem öz goşlarynda suwuklandyrylan «mawy ýangyjyň» hözirini görmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Şonuň üçin hem bu hojalyklaryň Garagumuň medeni zolakdan has alysda ýerleşýän Ataguýy, Ajyguýy, Damla, Kyrkguýy, Gamyşly, Akmolla ýaly ençeme öri meýdanlarynda ýylyň bütin dowamynda maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwa ilaty müdirligiň gazçylarynyň hyzmatyndan diýseň hoşal.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993