Türkmenistan bilen BAE-niň hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiniň mejlisinde durnukly energetikany ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy
16:09 22.10.2020 8008
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen üçünji mejlisinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, emirlikleriň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan ýolbaşçylyk etdiler.
Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň döwlet we hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine we maýa goýum şertleriniň gowulandyrylmagyna gyzyklanma bildirildi. Türkmenistanyň we BAE-niň ulag mümkinçilikleriniň ulanylmagy we kämilleşdirilmegi boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýän “EXPO-2020” Bütindünýä sergisiniň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň energetika we infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyga açykdygy aýratyn bellenilip geçildi.
Taraplar “ýaşyl ykdysadyýetiň” wajyplygyny belläp, durnukly energiýanyň ulanylmagy, innowasion tehnologiýalaryň we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynyň bilermenlik başarnyklarynyň ilerledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) çäklerinde hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi.
Ministrler medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlary boýunça amaly hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler. Mejlisiň ahyrynda taraplar şu günki duşuşygyň netijeli geçirilmegine kanagatlanma bildirip, ýakyn geljekde hem Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň işjeň hereketleriniň goldanylmagynyň zerurlygyny nygtadylar.
Häzirki döwrüň howplary we wehimleri barada gürrüň edilende, taraplar global pandemiýa garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ähmiýetini bellediler. Ministrler pandemiýanyň dünýä derejesindäki durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek boýunça geljekki ädimler barada pikir alyşdylar.
Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.