«Galkynyş» gaz käninde tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy
16:46 11.09.2023 8822
Täzelikde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 238-nji belgili ulanyş guýusynda buraw işleriniň 4 müň 557 metr çuňlukda ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4496-4214 metr aralykdaky gatlaklarda jemi 189 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 264 kub metr tebigy gaz berýär. Bu işleriň milli hünärmenlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilmegi, ylaýta-da ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 32 ýyllyk şanly baýramçylygyna konserniň gazçylarynyň taýýarlan ajaýyp toý sowgadydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde bu gün ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy ösýär-özgerýär. «Mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda tebigy gazy diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak babatda möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Tebigy gazynyň möçberi boýunça dünýäde belli bolan «Galkynyş» gaz käni bu gün «mawy ýangyjyň» iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär.
«Galkynyş» gaz käniniň gory «Ýaşlar» gaz käni bilen bilelikde häzirki wagtda 26,2 trillion kub metre barabar we bu känleriň bir bölegi bolan täze açylan Garaköl ýatagynyň gory hasaba alnanda jemi 27,4 trillion kub metre barabar diýlip hasaplanylýar. Bu bolsa döwletimiziň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulmagyna we öz ornuny barha berkitmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Bu gaz käninde ulanyşa girizilen gaz guýularynyň her biriniň bir gije-gündizde 2 million kub metre çenli önüm bermegi «Galkynyş» gaz käniniň örän baý tebigy gaz goruna eýedigini subut edýän hakykatdyr.
Gaz guýularyny burawlamakda, gurluşygy bilen doly tamamlap, ulanyşa girizmekde gazçylaryň döwletimiz tarapyndan hil taýdan öňdebaryjy önümler we tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa işleri çalt depginde, ýokary hilli ýerine ýetirmäge, şeýlelikde, guýularyň uzak wagtlap işlemegine şert döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň goldawlary netijesinde bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde hem «Galkynyş» gaz käniniň geologik we tehniki häsiýetlerine laýyk gelýän Ýaponiýanyň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary giňden peýdalanyldy. «Galkynyş» gaz känindäki guýularyň görkezijileri öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriniň ünsüni özüne çekýär, türkmen tebigy gazynyň sarp ediji döwletlerde hem-de iri halkara maýadarlarda çuňňur gyzyklanma döredýär.
— 238-nji belgili ulanyş guýusynda buraw işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi burawlaýjylarymyzyň gije-gündiziň dowamynda bir maksat bilen agzybirlikli çeken zähmetiniň netijesidir. Guýyny burawlamakda buraw ussalary Söýünmyrat Söýünhanow, Arslan Ýumukow, burawlaýjylar Kişman Hanow, Rejepmuhammet Hojakulyýew, Berdimyrat Essebekow, Atajan Öwezdurdyýew dagy has-da tapawutlanyp zähmet çekdiler — diýip, buraw toparynyň ýolbaşçysy Parahat Narbaýew gürrüň berýär.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.