Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitmegi meýilleşdirýär
13:05 09.10.2020 6708
Türkmenistan Russiýa bilen mundan beýläk-de döwrüň synagyndan geçen syýasy, ykdysady we ruhy-medeni ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň berkidilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu barada Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi.
Türkmen Lideri bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, türkmen-rus gatnaşyklarynyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan gatnaşyklaryň sazlaşykly we okgunly ösýändigini hem-de deňhukuklylyk we açyklyk häsiýetine eýedigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine türkmen-rus hyzmatdaşlygyna üns hem-de hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Russiýanyň Baştutany taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanýan hem-de ägirt uly köpugurly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilmeginde bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin Türkmenistan bilen Russiýanyň dürli edaralarynyň we hususy düzümleriniň arasyndaky islendik gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Şol bir wagtyň özünde saglygy goraýyş we derman senagaty ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda russiýaly alymlaryň koronawirus ýokanjyna garşy waksinany döretmek boýunça soňky döwürde gazanýan netijelerine uly baha berilýär hem-de Russiýa bilen bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirilýär.
Sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Hazarýaka ýurtlaryň bäştaraplaýyn syýasy gatnaşyklarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň awgust aýynda kenarýaka döwletleriň ýolbaşçylary nobatdaky —–VI Hazar sammitini Türkmenistanda geçirmek barada ylalaşdylar. Ýokary derejede geçiriljek Hazar duşuşygynyň jemleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem bilermenleriň derejesinde ozal gol çekilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen anyk gurallary döretmegiň mümkinçiliklerine garalýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen Lideri russiýaly kärdeşini özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.