TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
18:28 26.07.2023 7699
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, suwuklandyrylan gazy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini we ýangyç mazudyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Türkiýäniň we Ermenistanyň işewür toparlaryň wekilleri pamyk toplumyny, aşgarlanmadyk matany, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah ýüplügi, pagta süýümini, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar.
Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 77 million 195 müň 300 dollaryndan gowrak boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Petronas kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi
18-19-njy dekabrda Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň iri nebitgaz kompaniýasy bolan Petronas kompaniýasynyň ştab-kwartirasyna baryp gördi. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de döwrüň talaplary nukdaýnazaryndan, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler diýip, TDH habar berýär.
Türkiýe türkmen gazyny Anatoliýa TANAP boýunça getirmegi meýilleşdirýär
Türkmen tebigy gazyny Anatoliýa Anatoliýüsti gaz geçirijisi (TANAP) boýunça ibermek bolar diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý belledi.
Türkmenistan we Malaýziýa energetika toplumynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 18-19-njy dekabrda Malaýziýa resmi saparynyň netijeleri we Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar bin Ibrahim bilen gepleşikleriniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama we resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gazyň bahasy ýokarlandy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 6-njy iýulda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy ýokarlandy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa resmi saparynyň netijelerine ýokary baha berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa resmi saparynyň we Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen gepleşikleriniň netijelerine ýokary baha berdi.