Türkmenistanyň Prezidenti dynç gününi geçirmek barada Permana gol çekdi

19:46 25.09.2020 6852

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/747/original-15f6d797a9b517.jpeg

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän 27-nji oktýabrdaky dynç güni 28-nji oktýabrda geçirilýär. Degişli Permana Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara şu Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Başga makalalar
1684d16c67d5d7.jpg
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.


162205fcc7ddc3.jpeg
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki mümkinçilikleri has giň gerimde ulanylyp bilner — Türkmenistanyň DIM-i

Çarşenbe güni Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.



16220630a6bcda.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.


164ca036baab9d.jpg
Türkmenistan bilen Hytaýyň haryt dolanyşygy birinji ýarym ýylda 12,3% artdy

2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 12,3% artdy. Ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň umumy möçberi $5,55 mlrd deň boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.