Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr

11:22 18.03.2023 7620

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/7105/original-164140e2430d50.jpeg

Türkmenistan türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşanda çykyşynda belledi diýip, TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana ýüzlenip we iri taslamalar barada aýdyp, eger-de biz, ýagny türki döwletler bolup kada-kanunlarymyzy berkitsek, onda diwersifikasiýa syýasaty bilen türkmen ýylylygyny türk doganlarymyzyň her biriniň ojagyna ýetirip bileris diýip belledi. Türkmenistan, ilkinji nobatda, türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr.

«Bu diňe uglewodorod serişdeleri barada. Indi energetika meselesi hakynda aýdanymda, gerek bolsa, gaz turbasynyň gapdaly bilen elektrik toguny hem geçireris» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň bilelikdäki giň gerimli taslamalaryň köpüsini durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Başga makalalar
164d86274290ea.jpg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


166e299111b9d4.jpg
Gurbanguly Berdimuhamedow: Owganystan bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar

Uly ähmiýetli desgalaryň düýbüniň tutulmagy we ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky eden çykyşynda belledi.


166e296e0371a4.jpg
Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär

“Türkmengaz” döwlet konserni we Gazagystanyň Energetika ministrligi gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.