Nebitgaz toplumynda ýylyň jemlerine garaldy
09:59 16.02.2023 6108
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» 10-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirip, ulgamyň işiniň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigini, şonuň üçin hem bu beýik ynamy ödäp, tutanýerli, yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýandygyny aýratyn belledi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory Merdan Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ilaty, önümçilik kuwwatlyklaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, hojalyklarda we önümçiliklerde energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň ýollaryny öwrenmek, energiýa serişdelerine garaşlylygy azaltmak bilen, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak esasynda ösdürmek, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek, täze derejelere çykarmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak we ony önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak barada giňişleýin pikir alşyldy.
Şeýle hem maslahatda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmekde geçirilýän degişli işler, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmek, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün etmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň meseleleri bilen bagly alnyp barylýan işler barada we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew ony jemlemek bilen, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk hem ösdürmek babatda öňde goýan wajyp wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.