Şeýle at bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň pudaklaýyn edara-kärhanalarynyň zähmet köpçüligi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow açdy. Döwlet ministriniň belleýşi ýaly, Türkmen döwletiniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak üstümizdäki ýylyň ilkinji aýy örän möhüm taryhy wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 21-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi, onda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi ösüşler üçin giň gözýetimleri açdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy mejlisi ata Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleriniň mynasyp derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täze itergi berildi.