Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň mejlisine gatnaşdy
03:59 26.08.2020 7800
Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.Köptaraplaýyn gepleşiklere Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Awstriýanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Ispaniýanyň, Gazagystanyň, Kipriň, Litwanyň, Lýuksemburgyň, Polşanyň, Portugaliýanyň, Slowakiýanyň, Türkiýäniň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Çehiýanyň, Şweýsariýanyň, Şwesiýanyň, Estoniýanyň, Ýaponiýanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Türkmenistandan sanly ulgamy arkaly geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekili gatnaşdy.Mejlise gatnaşyjylar Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we halkara gün tertibiniň dünýäniň energiýa bazarlaryna täsiri bilen baglanyşykly meselelere garadylar.Energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň amaly, normatiw we hukuk meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy. 2019-njy ýylyň dekabrynda geçirilen mejlisiň gysgaça hasabaty tassyklanyldy.Şeýle-de energetiki howpsuzlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyldy. Gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge ymtylýandyklaryny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenilip geçildi.2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasy boýunça Maslahatyň 28-nji Mejlisi geçirilendigini hem-de onuň dowamynda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Deklarasiýasynyň kabul edilendigini ýatlamak gerek. Bu resminama energetika ulgamyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we energetiki howpsuzlygy ýokarlandyrmaga ýardam bermek maksady bilen Energetika Hartiýasynyň Prosesini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny tassyklady.Mejlisiň ahyrynda taraplar gepleşikleriň indiki tapgyrlaryny sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dowam etmegi ylalaşdylar.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.